You are on page 1of 3

Arenler.

Benzol we onuň gurluşy


Molekulalarynda bir ýa-da birnäçe benzol halkalaryny saklaýan
uglewodorod birleşmelerine arenler ýa-da aromatik uglewodorodlar
diýilýär.
1825-nji ýylda M.Faradeý daşkömürden alynýan ýagtylyk gazynyň
kondensirlenen galyndylaryny öwrenende uglerod bilen wodorodyň
gatnaşygy 1:1-e den we 80OС gaýnama temperaturasy bolan
uglewodorody bölüp alypdyr. 1834-nji ýylda nemes himigi
E.Mitçerlih benzoý kislotasynyň (C6H5COOH) duzlaryny gyzdyryp,
edil şonuň ýaly uglewodorod alyp, oňa-da benzin diýip at beripdir.
Şondan bir azrak wagt geçenden soň nemes alymy Ý.Libih ol madda
benzol diýmegi hödürläpdir. Has doýmadyk bolmagyna garamazdan
benzol doýmadyk uglewodorodlara mahsus birleşme täsirleşmelerine
kyn giripdir, ýöne özboluşly wodorod atomlarynyň ornuny tutdurmak
täsirleşmelerine gatnaşypdyr.. Şonuň üçin bolsa benzoly we onuň
önümlerini ýörite aýratyn topara bölüpdirler we aromatik
uglewodorodlar diýip at goýupdyrlar.
Benzolyň molekulýar formulasy C6H6 . Onuň gurluş formulasyny
1865-nji ýylda nemes himigi A.Kekule hödürläpdir:
Atlandyrylyşy. Köp arenleriň taryhy ady ulanylýar. Ýöne IÝUPAK
atlandyrylyşy boýunça benzolyň gomologlary we önümleri benzol
boýunça atlandyrylýar. Meselem,

Benzol halkada ähli uglerod atomlarynyň arasy deň, orututujy topary


bolsa ýok, şonuň üçin hem benzolyň özünde izomer ýok. Haçanda
benzol halkada haýsy hem bosa bir oruntutujy topar otursa, şoňa görä
benzolda diňe üç –orta-, meta-, para- ýagdaýlar emele gelýär.

You might also like